Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edilýär. Bu çäre agzalan ugurda sebitdäki döwletler hem-de kompaniýalar bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine seretmäge, tejribe alyşmaga, Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döreder.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Döwrüň talabyna görä, hyzmatlaryň görnüşleri kämilleşdirilýär hem-de artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri dünýä ülňülerine laýyk alyp barmak üçin halkara tejribäni yzygiderli öwrenmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.