Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygy sebitde durnukly energiýa infrastrukturasyny döreder
13.09.2024

Türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumuzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has belende göterilmegine ýol açdy.

Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak geljegi nazara almak bilen onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady  ähmiýete eýe bolman eýsem olara sebit we ähliumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.

Gaz geçirijiniň bu böleginiň gurluşygy sebitde durnukly energiýa infrastrukturasyny döretmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar. TOPH gaz geçirijisi parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, Günorta we Merkezi Aziýada energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmek bilen, Türkmenistandan, Owganystandan we Pakistandan geçip, Hindistana tebigy gazy ýetirer. Bu iri taslama şeýle hem daşky gurşaw meselelerini çözmekde we sebitde durnukly ykdysady ösüşi goldamakda möhüm orna eýedir. 

Türkmenistanyň ýakyn onýyllyklara niýetlenen ýangyç maksatnamasynda uglewodorod çig malynyň ägit uly gorlarynyň toplumlaýyn özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa strategik çig mal serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça uzak möhletli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. TOPH gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň diňe degişli ýurtlaryň halklarynyň bähbidine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň we halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant goşar.