Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda duşuşyk geçirildi.
10-njy sentýabrda geçirilem duşuşygyň barşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliýeti maýyplaryň hukuklaryny goramak ugrundaky milli ulgam we kanunçylyk, şeýle hem ýurtda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler bilen tanyşdyryldy.
BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakynda Konwensiýasynyň we onuň Goşmaça teswirnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem Türkmenistan bilen ABŞ-nyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlara goldaw bermek ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini we mümkinçilikleri çäklendirilen adamlara degişlilikde adam hukuklaryny mundan beýläk-de ilerletmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda «C5+1» formatynyň çäklerinde mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.