Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň we ugurdaş serginiň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň resmi açylyş dabarasy boldy. Bu halkara çäre Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Foruma Türkmenistandan, ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan, Beýik Britaniýadan jemi 100-den gowrak kompaniýa gatnaşýar.
Bu halkara maslahaty ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini, häzirki döwürde dünýä bazarynda emele gelen ýagdaýlary, bütindünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Forumyň dowamynda türkmen alymlary we inženerleri tarapyndan işlenip düzülen emeli intellekt ugrundaky iň täze taslamanyň tanyşdyrylyşy, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar geçiriler.
Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda ýaş telekeçileri goldamak hem-de olaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän “StartUp Hi-Tech Türkmenistan” bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň öňünde öz taslamalaryny hödürlemek, şeýle hem maýa goýumlaryna we hyzmatdaşlyk maksatnamalaryna eýe bolmak mümkinçiligini gazanarlar.
Halkara maslahaty we forumy öz işine dowam edýär.