9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta ýygymy möwsüminde pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta ýygýan kombaýnlaryň, pagta hasylyny daşamakda ulanyljak tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinler ekilen ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 11-nji sentýabrynda pagta ýygymyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar we beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi. Ýurdumyzda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Welaýatlarda güýzlük azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ünsi çekdi we bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan ekijileriň, beýleki tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň gazanylmagyny tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsüminiň hem ýetip gelendigi aýdylyp, welaýatlarda ýygyma görülýän taýýarlygy ýene-de bir gezek barlamak, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, terezileriň, ýygymda işlediljek kombaýnlaryň we awtoulaglaryň möwsüme taýýarlygyny goşmaça gözden geçirmek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, pudakda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň alnyp barlyşyny hem berk gözegçilikde saklamagy, maksatnama boýunça gurulmaly desgalaryň tabşyrylmaly wagtyna we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy we iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.