Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
09.09.2024

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Ilki bilen, D.Orazow Gahryman Arkadagymyzy şäheriň ähli ilatynyň adyndan täze şäheriň Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara sergisinde üç ugur boýunça ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen gutlady hem-de halkara derejeli forumlara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugy esasynda türkmen wekiliýetiniň “akylly” şäherleriň sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdelerini öndürijiler bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerinde görmek maksady bilen, Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny aýtdy.

Sylaglary gowşurmak dabarasynda Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly üç sany sylaga mynasyp boldy. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn buýsançlydyr. D.Orazow täze şäheriň halkara baýraklara mynasyp bolmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalarynyň netijesidigini aýratyn belläp, türkmen halkynyň Milli Liderinden bu hoş habary hormatly Prezidentimize ýetirip bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoş habary aýratyn kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, Arkadag şäheriniň ähli ilatyny we ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyz munuň tutuş ýurdumyz, halkymyz üçin buýsançly wakadygyny, täze şäheriň ähli görkezijiler babatda gazanýan üstünliklerine guwanýandygyny belledi.

Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyza ikinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, binalaryň içki we daşky bezeg işlerine degişli serişdeleriň birnäçe görnüşleri görkezildi. Şolaryň hatarynda döwrebap demir ýol menziliniň, durky täzelenýän Aşgabat — Gökdepe ýolunyň ugrunda guruljak köpzolakly köpriniň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, Yzgant şäherçesine giriş derwezesiniň, Ak han, Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän “Taýçanak” binasynyň, şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary, köprüleriň germewleriniň görnüşleri bar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, olara degişli düzedişleri girizdi. Innowasion häsiýete eýe bolan taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn, oýlanyşykly esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, durmuş maksatly toplumlaryň gurluşygynda bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, ekologik derejesine uly ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi, Koreýa Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ekologik taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna we şähergurluşyk maksatnamasyna laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynda ylmyň gazananlary bilen öňdebaryjy dünýä tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, onuň binagärlik aýratynlyklarynyň ähli babatda ýokary görkezijilere laýyk gelmelidigini belledi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamasy degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şol bir wagtda, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, gazanylýan zähmet ýeňişleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi