Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Bellenilişi ýaly, öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyga aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylar, dürli ulgamlarda netijeli döwletara dialogy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar we hökümetara resminamalara gol çekiler.
Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň hem-de onuň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.