Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«PC (T) SB Technology day 2024» atly halkara maslahaty öz işini tamamlady
06.09.2024

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «PC (T) SB Technology day 2024» atly halkara maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Şu gün bu ýerde maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, maslahat ýarym asyrlyk taryhy bolan we bu taryhyň soňky 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alyp barýan «Petronas» kompaniýasy tarapyndan guraldy. Maslahatyň dowamynda nebitgaz ulgamy boýunça hyzmatdaşlykda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Edilen çykyşlarda bu barada möhüm tekliplerdir başlangyçlar orta atyldy.

Maslahatyň işine «Türkmennebit» döwlet konserniniň wekilleri hem gatnaşdylar. Olar maslahatyň dowamynda çykyş edip, gozgalýan mesele boýunça bilelikdäki işi mundan beýläk hem ösdürmek boýunça ýerlikli teklipleri berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýörite sowgatlyklar berildi. «Türkmennebit» döwlet konserni hem ýörite sowgatlyklara mynasyp boldy.