Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TIF 2024-e 500-den gowrak wekil gatnaşar
06.09.2024

Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – TIF 2024 giň gerimli bolar, çünki oňa 500-den gowrak wekil, şol sanda döwlet düzüminiň, hususy ulgamyň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt maýadarlarynyň wekilleri gatnaşar. Forumda ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiýasy, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek meseleleri maslahatlaşylar. 

Forumyň esasy temalarynyň hatarynda – energetika we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri bar. Bu ýerde Türkmenistanyň energetika ulgamyny ösdürmegiň geljegi, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşemeler ulgamynyň taslamalary maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar ulag infrastrukturalaryna, şol sanda täze ýollaryň we portlaryň gurluşygyna, şeýle hem logistika gatnaşyklaryny gowulandyrmak meselelerine üns bererler.

Oba hojalygy we azyk howpsuzlygy bölüminde oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga we azyk howpsuzlygyny üpjün etmeklige ähmiýet berler. Şeýle hem, maliýe hyzmatlaryna we bank ulgamyna aýratyn bölümçe bagyşlanar. Maliýa toplumyny özgertmeklige, daşary ýurt banklaryny çekmeklige aýratyn üns berler.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazedi