Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) analitik merkeziniň ösüş forumyna gatnaşdy
06.09.2024

Türkmenistanyň wekiliýeti «Howa wehimleri: toparlaýyn hereket üçin serhetleriň çäginden daşary oýlanyş» atly sekizinji Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) analitik merkeziniň ösüş forumyna gatnaşdy. 

Çärä sebit analitik merkezleriniň, CAREC agza ýurtlaryň, uniwersitetleriň, ösüş guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 120-den gowrak wekili gatnaşdy. Duşuşygyň maksady – utgaşdyrylan sebit strategiýalary arkaly barha möwjeýän howa meseleleriniň çözgütlerini bilelikde gözlemekdir.

Türkmen wekiliýeti forumda «Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly innowasiýalar we uýgunlaşma» temasyndan çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň meselelerini çözmek boýunça ýurdumyzyň tejribesini we oňyn teklipleri bilen tanyşdyrdy.

Forumda çykyş edenler howanyň üýtgemeginiň barha artýan täsirlerine garşy durmakda agzybirligiň zerurdygyny bellediler, CAREC sebiti üçin durnukly, ýaşaýşa ukyply we abadan geljegi üpjün etmek üçin tejribe, meseleleri we üstünlikleri alyşmagyň zerurlygyny nygtadylar. 

Forumyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge we CAREC sebitinde howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin degerli strategiýalary işläp taýýarlamaga gönükdirilen tanyşdyryşlar, çekişmeleri, tematiki barlaglar we interaktiw mejlisler geçirildi.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi