Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«PC (T) SB Technology day 2024» maslahatynyň ikinji gününe badalga berildi
06.09.2024

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «PC (T) SB Technology day 2024» atly halkara maslahatyň ikinji gününe badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu maslahatyň işine «Türkmennebit» döwlet konseriniň wekilleri ýakyndan gatnaşýarlar.

Maslahatyň ikinji gününde «Petronas Çarigali» kompaniýasynyň wekiliniň açylyş dabarasy bilen çykyş etdi. Onuň ýygtaýşy ýaly, şu ýyl kompaniýa 50 ýaşaýar. Ýarym asyrlyk şöhratly taryhyň soňky 30 ýyly Türkmenistan bilen berk bagly. Türkmen tarapy we kompaniýa özara hyzmatdaşlygyň kämil mekdebini ýola goýdy. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde türkmen topragyndan alynýan «gara altyn» dünýä bazaryna çykarylýar.

Maslahatyň ikinji gününde «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň we käbir daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem çykyş eder.