Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Arkadag «akylly» şäheri üç sany baýraga mynasyp boldy
05.09.2024

4-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasy bolup geçdi. Dabarada Arkadag «akylly» şäheri üç sany baýraga mynasyp boldy.

Arkadag «akylly» şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellemek gerek. 

Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapyna: Iň tapawutlanan «akylly» şäher (Smart City Excellence Award); Daşary ýurt «akylly» şäheri (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024»  halkara sergisine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award) baýraklary gowşuryldy

Baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hoşallyk sözi bilen çykyş etdi. Ol hususan-da koreý tarapynyň bu çäräni ýokary guramaçylykly derejede geçirendigini belläp, onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän akylly şäherleriň tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň görkezilendigini aýdyp geçdi. 

Şeýle hem, bu berlen sylaglaryň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda şäher gurluşyk-binagärlik babatda alnyp barylýan işleriň belent sepgitlere ýetendiginiň ykrarnamasydygy aýdyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi