Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
05.09.2024

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşyk geçirdi.

4-nji sentýabrdaky duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda demokratik institutlary mundan beýläk hem kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli halkara guramalary bilen alyp barýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy bellenildi.

Şeýle hem «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda komitetiniň, Çaga hukuklary baradaky komitetiniň çäklerinde geçirilýän gepleşikleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we olaryň jemleri boýunça hödürlenen teklipleri durmuşa geçirmek boýunça ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi