Paýtagtymyzdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda "Petronas" kompaniýasynyň guramagynda nebitgaz pudagynda tehniki howpsuzlygy üpjün etmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça «PC(T)SB Technology day 2024» atly maslahatyň açylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda türkmen tarapyndan "Türkmennebit" döwlet konserniniň ýolbaşçysy Guwanç Agajanow çykyş edip, ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmek, önümçilikde sanly tehnologiýalary ulanmak, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak, halkara bazarlaryndan türkmen nebitiniň we gazynyň abraýyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada belledi.
Şeýle hem dabarada türkmen nebitgaz pudagynyň halkara gatnaşyklary, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykdaky tagallalary barada bellenildi.
Türkmenistan halkara derejede baý energiýa çeşmeleri, ösen ýangyç-energetika pudagy bilen uly abraýa eýedir. Ýurdumyzda her ýyl täze nebit we gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi, öndürilýän nebit önümleriniň hiliniň dünýä standartlaryma laýyk gelmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän tagallalaryň netijesidir.
Çäre öz işini günüň ikinji ýarymynda hem täsirli çykyşlaryň birnäçesi bilen dowam etdirer.