Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
05.09.2024

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. 

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň Türkmenistanda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň garamagyndaky düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegini, goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipeleri hökmünde kesgitledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine onuň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriň netijeleri, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kanunçylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde kanunylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagynyň, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilmegi bilen bagly düzgün bozulmalary öz wagtynda ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeleri, Içeri işler ministrliginiň edaralaryna sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegini, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, däp bolşy ýaly, sentýabr aýynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň ähmiýetini belläp, onuň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şol sanda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly kazyýet ulgamynyň işiniň kämilleşdirilişi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunylygy, adalatlylygy, hukuk tertibini üpjün etmegiň bu düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işiň döwrebap usullaryny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň degişli maksatnamasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň serhetleriniň goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň serhetlerinde asudalygyň üpjün edilmeginiň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine esaslanmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, hususan-da, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilen işleriň netijeleri, kabul edilýän hukuk namalarynyň maksatlaryny raýatlara düşündirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ministre ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işlere işjeň gatnaşmak tabşyryldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi babatda görülýän çäreler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük gözegçilik-geçiriş nokatlarynda döwletimiziň çägine getirilýän harytlaryň talabalaýyk resmileşdirilmegini üpjün etmek üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, edaranyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň netijeli çözülmegi boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň ähli düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýäniň oňyn tejribesini, milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerini utgaşdyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we işde öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň ulanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi