Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynynyň pars dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Arkadag şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitabynda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi, Watan, öý-ojak, maşgala, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary ýaly mizemez gymmatlyklar beýan edilýär. Bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýmak ýaly milli häsiýetinde asyrlardan bäri kemala gelen asylly ýörelgeleriň täze eýýamda dowamata eýe bolýandygy tassyklanýar. Enä hormat goýmak we bu beýik ynsana tagzym etmek ähli halklara mahsus bolup, kitabyň pars dilindäki terjimesi bolsa, türkmen halkyna, onuň milli däplerine uly hormat-sarpanyň aýdyň güwämanasy bolup çykyş edýär.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani kitabyň pars dilindäki neşiriniň ähmiýetini aýratyn belledi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Prezident Masud Pezeşkian Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa pars diline terjime edilen «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars dilinde neşir edilmegi türkmen-eýran dostlugynyň ýene bir subutnamasyna öwrülip, netijeli ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder. Şeýle-de, pars dilindäki bu neşir giň okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda ene hakyndaky edebi, aýdym-saz çykyşlaryna hem orun berildi. Institutyň foýesinde guralan sergide amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary – haly önümleri, milli şaý-sepler we keramika görkezildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.