10-11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçiriljek halkara foruma eýýäm 35 döwletden 350-den gowrak wekil hasaba alyndy.
Wekiller bu forumda energetika, ulag, oba hojalygy we sanly ykdysadyýet ulgamlarynda Türkmenistanyň geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat alyp bilerler.
Forum döwlet düzümleriniň wekilleri, iri işewürler we halkara maliýe institutlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin özboluşly mümkinçiligi hödürlär.
Forumda çykyş etjekleriň hatarynda - Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň integrasiýa we makroykdysadyýet boýunça ministri Sergeý Glazýew, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Françesko la Kamera we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň direktory Kabir Jurazoda bar.
TIF-2024 ýurduň we sebitiň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti