Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumyndaky işler bilen tanyşdy
03.09.2024

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatlarda bugdaý ekişine, pagta ýygymyna guramaçylykly başlamak boýunça taýýarlyk işleri, Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şanly baýram mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 4-nji sentýabrynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatlarda bugdaý ekişine girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymyna başlamak boýunça hem degişli çäreler görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan ýurdumyzda geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişi, pagta ýygymy möwsümlerini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, güýzlük ekinleriň ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi