Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň arasynda duşuşyk geçirildi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň “Rönesans Holdinge” ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir. Pursatdan peýdalanyp, Erman Ylyjak Milli Liderimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle-de işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkiýäniň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holdingiň” türkmen bazaryndaky köpýyllyk netijeli işini belläp, geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini, onuň durmuşa geçiren taslamalarynyň halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Muňa iki ýurduň halklarynyň taryhy, medeni we dil umumylygy hem oňyn ýardam edýär. Şunda hususy ulgamdaky netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygyna üns çekildi. “Rönesans Holding” kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda iri taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz, himiýa senagaty pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda işewür Gahryman Arkadagymyza häzirki wagtda ýurdumyzda kompaniýa tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi, şeýle hem birnäçe teklipleri beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň işine ýokary baha berýändigini, toplanan baý tejribäni hasaba almak bilen, geljekde-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge we anyk tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilen uly ynam üçin sagbolsun aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi hem-de Aşgabatda täze, häzirki zaman söwda merkeziniň binalar toplumyny gurmak babatda kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlanylan taslamalary görkezdi. Bellenilişi ýaly, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hünärmenleri täze söwda merkeziniň gurluşygy we ony enjamlaşdyrmak baradaky degişli maglumatlary taýýarladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen içgin tanyşdy. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda durmuş maksatly desgalar gurlanda, milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy, gurluşyk işleriniň ýokary hili möhüm talap bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, meýilleşdirilen taslamalar durmuşa geçirilende, ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň, ekologik kadalaryň we halkara ölçegleriň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de taslama düzüjilere, gurluşykçylara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Işewür gymmatly maslahatlar üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.