Geçen hepde birža söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümini, şeýle hem Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, nah ýüplük we dokma önümçiliginiň galyndylaryndan dikeldilen süýüm ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 110 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 364 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny we arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar.