Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz toplumynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi
02.09.2024

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen hasabat ýygnagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekendigi baradaky hoş habary ýetirdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «TAPI Pipeline Company» konsorsiumynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, ulgamyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, täze bazarlara çykmak, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary, maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, häzirden taýýarlyk işlerini geçirmegiň wajypdygy we beýleki möhüm ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümleriniň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi boýunça öz tekliplerini aýdyp geçdi.

Çeşme: «Nebit-gaz» elektron gazedi