Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy bolup geçdi
02.09.2024

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary – parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Milli Goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler şu maksatlara gönükdirilendir. Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirýän gullukçylaryň ýaş harby neslini terbiýeläp ýetişdirmek bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim-terbiýe bermek meseleleriniň döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny belläp, harby mekdebiň okuwçylaryny we mugallymlaryny täze toplumyň açylmagy bilen gutlady hem-de olara okuwda, häzirki zaman bilimlerini, innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Munuň özi Ýaragly Güýçlerimiziň ähli goşunlarynyň häzirki wagtda iň täze harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýändigi nukdaýnazaryndan hem aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi