Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi
31.08.2024

30-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Häzir gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi ýetip geldi. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berýändigini aýtdy we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi