Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
31.08.2024

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. 

Onda Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 7,8 göterime deň boldy. Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi