Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideriniň arasynda duşuşyk boldy
29.08.2024

Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.

Aýatolla Ali Hameneýi Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrdan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Tährana amala aşyrylýan şu gezekki iş sapary döwletimiziň Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda ägirt uly kuwwata we giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy barada pikir alyşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi