Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
29.08.2024

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portynyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi