Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
Irden Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.
Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasy ulgamlary öz içine alýar we iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär.