27-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi hem-de özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi we ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.