Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Mawrikiý Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili milli parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Janke netijeli döwletara dialogy ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.