Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Mejlisiň Başlygy Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08.2024

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fathudin Ali Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Jenap Fathudin Ali Mohamed hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek şol syýasatda aýratyn orny eýeleýär. Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi, işi bilen tanyşdyryldy.

Jenap Fathudin Ali Mohamed mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Somaliniň doly ygtyýarly wekili bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi