Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Bu sapar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda amala aşyrylar we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.