Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan Respublikasynda guralan nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy
27.08.2024

Türkmen wekiliýetiniň agzalary “Kazan EXPO” halkara sergisiniň çäginde guralan nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy. Forum halkara derejesinde senagat kärhanalarynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek, pikir alyşmak üçin netijeli meýdança bolup durýar.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe resmi duşuşyklary geçirdiler. Olarda maglumat tehnologiýasy we howanyň hapalanmagyna gözegçilik etmegi awtomatlaşdyrmak pudagyndaky ösüşler ara alyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Tatarystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýörite maksatnamalaryny we taslamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça bölümiň geňeşçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda medeniýet, bilim ulgamy, bedenterbiýe ýaly ugurlar bar.

Şeýle hem, 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi geçiriler.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi