Türkmen wekiliýeti 21 — 24-nji awgustda Kazanda (RF) geçirilen III Ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Wepa Gutlyýew ýolbaşçylyk etdi.
Sammitde ýaşlar bilen baglanyşykly işjeň meselelere seredildi. Şeýle-de tejribe alyşmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge kömek etjek bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy döwletiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekdäki tejribelerini paýlaşdy.
43 ýurtdan 110-dan gowrak wekil ýaşlaryň arasynda sanlylaşdyrma we sanly tendensiýalara giňişleýin baha berdiler.
Forumyň dowamynda türkmen wekiliýeti ýaşlar başlangyçlaryny we IT ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek, maýa goýumlaryny çekmek üçin öndürijilikli meýdança bolan Başir Rameýew adyndaky tehnoparkyň işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary Wolga sebitiniň bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördüler.