Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Mejlisiň Başlygy Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşdy
27.08.2024

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, jenap Sok Çea Kambojanyň ýokary ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan toplumlaýyn maksatnamalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ilçi Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, Diýarymyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekdäki orny bilen tanyşdyryldy. 

Parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolan Bitarap Türkmenistanda Kamboja Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ilçi däp bolan dostlukly, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi