Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TÜRKSOÝ Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe neşirleri çap etmäge taýýarlady
24.08.2024

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda dabaraly bellenilip geçilýär.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek boýunça çäreler toplumynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şahyryň döredijiligine we ömrüne bagyşlanan birnäçe neşirleri çap etmäge taýýarlady.

2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan eden TÜRKSOÝ guramasy Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýaly mizemez adamzat gymmatlyklaryny wasp eden çeper sözüň ussadynyň baý mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly üns berýär we birnäçe tagallalary durmuşa geçirýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi