Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen ABŞ medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berýär
26.08.2024

23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Ruduň arasynda duşuşyk boldy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigi bellediler.

Mundan başga-da taraplar ylym we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi