Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
24-nji awgustda geçirilen duşuşykda taraplar dostlukly we ynamdar syýasy dialoga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda iki ýurduň we halkyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljek Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada jikme-jik pikir alyşdylar.
Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bu mekdebiň düýbi tutulypdy.