Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
26.08.2024

24-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Bu maslahatda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar hem-de bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. 

Soňra maslahat öz işine başlap, onda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryna we dürli derejeli wekillerine çykyş etmekleri üçin söz berildi.

2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi we onuň ähli derejeleriniň yzygiderliligi üpjün edildi diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen işlenilip taýýarlanan hem-de taryhy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda 2024-2025-nji täze okuw ýylyndan iň gowy dünýä we milli tejribeleri esasynda bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi.

Çykyşlaryň dowamynda halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak ugrunda alnyp barlan işler barada hem durlup geçildi. Şeýle hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýerine ýetirilýän işlere üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy barada aýdylyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijesinde 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň Ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylandygy, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizilendigi nygtaldy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty we ondaky çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleriň milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini ýüze çykardy. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi