Özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda giňden hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guralýar.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde uniwersitetiň 5 sany talyby 2024-nji ýylyň 19-30-njy awgusty aralygynda 2 hepdelik önümçilik tejribeligini hem-de 3 sany mugallymy 2024-nji ýylyň 19-23-nji awgusty aralygynda 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetinde geçýärler.
Mugallymlar bu ýokary okuw mekdebinde okuw-usulyýet işleriniň gurnalyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşýarlar.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi saýty