Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň wekilleri Eýranyň ylmy-tehniki parkynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen iş saparda boldular
21.08.2024

Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň ylmy-tehniki parkynda geçen üç günlik duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri bu gatnaşyklar täze tehnologiýalaryň işlenilip taýýarlanmagynda we iki döwletiň ylmy kuwwatynyň ösüşine ýardam etjekdigini aýtdylar.

Iş saparyň çäklerinde türkmen hünärmenleri Meşhetde ýerleşýän ylmy-tehniki parkynyň nebit-himiki, elektriki we başga pudaklardaky mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen “Horasan” ylmy-tehniki parkyň arasynda ylmy gatnaşyklary, derňew we tehnologik gatnaşyklary, şeýle-de iki döwletiň arasynda bilim we tejribe çalşygy, innowasion ekoulgamy ösüşine ýardam etmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekmek teklibi öňe sürüldi.

Iki döwletiň goňşuçylyk gatnaşyklary netijesinde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri nygtaldy.

Çeşme: Tükrmenistan habarlar portaly