Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenabadyň nebit önümleri kärhanasynyň «Zergär» şahamçasynda düýpli abatlaýyş işleri tamamlanýar
20.08.2024

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň "Zergär"  şahamçasynda giň gerimli täzeleniş işleriniň ikinji tapgyry tamamlanýar. Täze howdanlaryň oturdylmagy we infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde nebitiň saklanyş mukdary ep-esli artar, nebit önümleriniň paýlanyşynyň netijeliligi ýokarlanar, bu bolsa Lebap welaýatyň sarp edijilerine ýangyç üpjünçiliginiň bökdençsiz ýerine ýetirilmegine ýardam eder.

Bu ýerde ozal "Zerger" şahamçasynyň täzeleniş işleriniň birinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda gurluşykçylar ikinji tapgyryň ahyrky işlerine ýokary derejede üns berýärler.

Ýangyjyň bökdençsiz öndürilmegini üpjün etmek üçin bu ýerde benzini we dizel ýangyjyny saklamak üçin jemi 10 müň kub metr kuwwatly 6 täze howdan, şeýle hem ýangyç materiallaryny saklamak üçin her biri 100 kub metr bolan 8 howdan oturdyldy. Şol bir wagtyň özünde täze kommunikasiýalaryň çekilişi, ýangyn howdanlarynyň gurluşygy we şahamçanyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy babatda işler alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň gurluşyk we abadanlaşdyryş hojalyk müdirliginiň hünärmen gurluşykçylarynyň ussatlygynyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde "Türkmennebitönümleri" Baş müdirligi tarapyndan şahamçanyň täzeleniş işleri ýokary depginde we maksatnama laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň "Zergär" şahamçasynda täze kuwwatly enjamlaryň oturdylmagy ulag guramalaryny we kärhanalary, hususy awtoulaglary ýangyç bilen üpjün etmekdäki işleriň hilini ep-esli gowulandyrar, şeýle hem Lebap welaýatyň nebit önümlerini saklamakdaky howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrar.

Bu taslama Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly bolup, sebitiň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.