«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly müdirlikler boýunça şu ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 107 müň tonna golaýlady.
Bu görkeziji geçen ýedi aý üçin bellenilen meýilnamanyň 27 müň 715 tonna artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Trestiň «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryny üç esseden hem artyk berjaý edendiklerini aýratyn nygtamak gerek.
Tutuş trest boýunça üstümizdäki ýylyň gürrüňi edilýän hasabat döwründe düýpli abatlanan 236 guýa derek 284 guýynyň nebitgaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyrylmagy has-da buýsançly görkezijidir. Gaýtadan ulanyşa tabşyrylan guýularyň 136-sy trestiň «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär.
Çeşme: Türkmenmetbugat