Türkmenistanda mekdep okuwçylary tomusky dynç alyşlaryny ýurduň gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirýärler. Iň meşhur dynç alyş ýerleriniň biri hem Gökdere jülgesi bolup, bu ýerde «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bar. Mundan başga-da Hazar şäherindäki «Gara altyn» we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bar.
Bu merkezlere Türkmenistanyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylary nebit-gaz pudagynda işleýän ene-atalara berlen ýeňillikli ýollanmalary arkaly ajaýyp şertlerde dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler.
Çagalaryň iň halaýan merkezleriniň biri «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bolup, her möwsümde bu ýere müňe golaý çaga tomusky dynç alyş möwsüminde dynç almaga gelýär.
Ýakynda «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Açyk gapylar güni» geçirildi. Dynç alýan ýaşlar şahyryň goşgularyny okadylar, aýdym aýtdylar, bäsleşiklere we ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Dabaraly ýagdaýda geçirilen çäräni Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan gurnalan sungat eserleriniň we döredijilik işleriniň sergisi baýlaşdyrdy.
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan şeýle çäreler tomusky dynç alyş günlerinde ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirilýär.
Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde sport çäreleriniň geçirilmegi hem däbe öwrüldi. Türkmenistanyñ Nebit-gaz toplumynyň Kärdeşler arkalaşygy golaýda «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil» we «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde «Biz bagtyýar döwrüň nesilleri» diýen şygar bilen medeni-sport çärelerini gurnady. Çagalar futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka ýaly sport görnüşleri boýunça bäsleşdiler, päsgelçiliklerden böküp geçmek ýaryşlaryna gatnaşdylar.
Mundan başga-da çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çeper okaýyş, aýdym aýtmak we saz çalmak, sahna oýunlary boýunça döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.
Merkezlerde çagalar tejribeli mugallymlaryň we tälimçileriň gözegçiliginde dynç alýarlar. Bu ýerde olaryň rahat dynç almagy, sport, döredijilik ukyplarynyň ösmegi, bilimleriniň kämilleşmegi, şeýle hem kitap okamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen.