Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady
19.08.2024

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.

Kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada ir bilen baýramçylyk gurşawy emele geldi. Çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň Sanawyna» laýyklykda geçirilýän «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly serginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrülendigi bellärliklidir.

Dört gün dowam etjek sergide paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän iri sergi bilen tanşyp bilerler. Sergi oňa gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi bilen däl-de, eýsem, önümleriň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi bilen hem özüne çekýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi