Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow we «TAPI Pipeline Company Limited»-niň baş müdiri Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny Owganystanyň çäklerinde dowam etdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owganystanyň wekili TOPH gaz geçirijisiniň Owganystandaky gurluşygynyň öz ýurdy üçin ileri tutulýan ugurlardan biridigini we degişli owgan bölümleriniň taslama boýunça işlerini tamamlandygyny aýtdy. Mottaki Owganystandaky TOPH taslamasy boýunça amaly işleriň ýakyn wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi.
Türkmen tarapy hem öz serhedinden owgan turbageçirijisiniň gurluşygyna başlamaga taýýardygyny tassyklady.
Çeşme: «Nebit-gaz» elektron gazedi