Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy
19.08.2024

Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti 16-17-nji awgustda Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Mediaforumyň birinji gününde oňa gatnaşan Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Türkmenistan, şeýle hem Belarus we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy.

17-nji awgustda umumy mejlis we tematiki sessiýalaryň bäşisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, nusgawy sungatyň we kinonyň ähliumumy aragatnaşyk dili hökmünde täze durmuşyny, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde medeni hem taryhy jebisligiň mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Derňew žurnalistikasy» ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy bolup geçdi.

Forumyň çäginde «Serhetsiz Hazar deňzi» atly iň gowy žurnalistiki eser ugrundaky bäsleşigiň netijelerini jemlemek dabarasy hem geçirildi. Çäräniň dowamynda Russiýadan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan gelen sazandalary öz içine alýan Hazar döwletleriniň simfoniki orkestrleriniň çykyş etmeginde «Hazar möwsümleri» medeni festiwaly guraldy.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi