Günbatar sebitiň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasynda buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda alnyp barylýan işler hem ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar.
Kärhana diňe Günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan islegleri kanagatlandyrmakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýerde şu ýylyň dowamynda 1 milliard 331 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmek maksat edinilýär. Şeýle wezipä abraý bilen hötde gelmek üçinem kuwwatly desgada has-da öndürijilikli zähmet çekilýär.
Bu ýerdäki turbinalaryň saz we bökdençsiz işlemekleri üçin çekilen uzynlygy 14,5 kilometr bolan ýangyç geçirijisi awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy stansiýa birikdirlendir. Açyk paýlaýjy enjam, kuwwatly enjamlar toplumy turbinany «Awazanyň» deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň hem-de tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň elektrik ulgamlary bilen baglanyşdyrýar. Möhüm desga 3 sany esasy, 15 sany podstansiýany özünde jemleýär. Şeýlelikde, syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, energiýa ulgamlarynyň saz işlemegine aýgytly täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň energetika ulgamy barada edýän aladalaryndan ruhlanan awazaly energetikler şu ýylyň geçen döwrüni ýokary üstünliklere beslediler. Has takygy, geçen döwürde 743 million 398 müň kilowat sagat elektrik togy öndürildi. Şol öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi-de göz öňünde tutulandakydan 13 million 398 müň kilowat sagat köp bolup, meýilnamanyň 102 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Şonuň ýaly-da önümçiligiň ösüş depginem 120 göterim üstünlikli berjaý edildi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»