Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Dagystanda geçiriljek ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar.
Bu halkara forumyna Hazarýaka sebitiniň ähli döwletleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Çärä gatnaşyjylaryň ulag-logistika, ekologiýa we syýahatçylygyň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.
Dagystanda geçirilen ilkinji Halkara Hazar Sanly Forumyna dürli ýurtlardan 600-den gowrak wekil gatnaşypdy. Üç günüň dowamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmek, sanlylaşdyrma taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin tehnologiki we tehniki mümkinçilikleriň elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşylypdy.