Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýurdumyzda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler
17.08.2024

Paýtagtymyz Aşgabatda 19 ― 22-nji awgust aralygynda çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýän  «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Dabara Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Expo» kompaniýasynyň bilelikde guramagynda geçiriler.

Ýokary derejeli halkara çärä ýurdumyzyň, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynda çagalara degişli harytlary we hyzmatlary ulgamynda işleýän kärhanalar, guramalar, hünärmenler we jemgyýetçilik birleşikleri, telekeçiler gatnaşar.

Sergi-ýarmarkasy çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň ähli ugurlaryny öz içine alar. Onda oýunlar we çagalar önümleri pudagyna degişli markalaryň önümleri hem görkeziler.  «Kids Expo» sergi-ýarmarkasy diňe bir köpsanly hyzmatlardyr harytlaryň sergisi bolman, eýsem, çagalar we olaryň ene-atalary üçin bilim hem-de dynç alyş çäreleriniň geçiriljek ýeri bolar.

Sergi-ýarmarkasy «Täze doglan çagalar we bäbekler üçin önümler», «Mekdep üçin harytlar (kanselýariýa, çagalar mebeli)», «Çagalar üçin bilim we okuw», «Oýnawaçlar we okuw esbaplary», «Çagalaryň durmuşynda tans, aýdym-saz we sungat», «Çagalaryň saglygy we howpsuzlygy», «Çagalaryň biliminde innowasiýa tehnologiýalary», «Çagalaryň edebiýaty we kitap okamak», «Sport we beden taýdan ösüş», «Döredijilik we çeperçilik işjeňligi»,  «Daşky gurşawy goramak we durnuklylyk», «Çagalaryň modasy we stili», «Çagalar üçin güýmenje we çäreler (dynç alyş üçin hemme zat)», «Sungat we aýdym-saz bilimi», «Inklýuziw bilim we aýratyn zerurlyklary bolan çagalara ideg», «Maşgala gymmatlyklary we terbiýe», «Çagalar üçin howpsuzlyk tehnologiýalary», «Çagalar üçin iýmitlenmek we sagdyn iýmitlenmek», «Maşgala güýmenjesi we çagalar bilen syýahat etmek», «Çaga psihologiýasy we ösüşi», «Çagalar üçin interneti howpsuz ulanmagyň tehnologiýalary», «Çagalaryň ösmeginde ene-atalaryň orny», «Çagalaryň syýahatçylygy we syýahaty», «Çagalar üçin interaktiw açyk meýdançalar», «Çagalar üçin döredijilik çäreleri we ussatlyk sapaklary» ýaly bölümleri öz içine alar.

Bu halkara çäre Türkmenistanda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda çagalar baradaky edilýän aladanyň iş ýüzündäki aýdyň subutnamasy bolup hyzmat eder.