Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy degişli Ähtnamanyň Goşundylaryna gol çekdiler
16.08.2024

Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Pagta hasylyny ýygnamak döwründe iş şertlerini öwrenmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň goşundylaryna gol çekdiler.

Gol çekilen resminama laýyklykda, taraplar iş şertlerini gowulandyrmak, pagta ýygnamak wagtynda çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirerler. Şunuň bilen baglylykda, Halkara hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistanda gözden geçiriliş saparynyň awgust aýynyň ikinji ýarymynda bolmagyna garaşylýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan we HZG zähmet pudagynda halkara resminamalaryň durmuşa geçirilmeginde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» durmuşa geçirilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Ženewadaky diplomatik wekilhanasy